HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda 2 müň öýli 50-ä golaý jaý gurlar

Mart 13, 2023 | 15:14 |16340
Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.

Bulardan başga-da, bu ýerde 72 orunlyk orta mekdep, 32 orunlyk çagalar bagy, seýilgäh, söwda-dynç alyş merkezi we 7 sany iki gatly söwda we hyzmat ediş öýi gurlar.

Şu gün Türkmenistanyň Gurluşyk senagaty we binagärlik ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň sargydynyň esasynda bina ediljek jaýlaryň gurluşygy boýunça degişli bäsleşik-tender türkmen metbugatynda çap edildi.

Tender şeýle hem toplumyň içerki awtoulag ýollaryny çekmekligi, agyz suwunyň we lagym suwlarynyň ulgamyny çekmekligi hem öz içine alýar.

Ýüz tutmalar we teklipler Gurluşyk ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli şu salgyda hasaba alnar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 84.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi gark boldy: 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy, 130 ýolagçy dereksiz ýitdi

Ýawa deňzinde ýolagçy gämisi gark boldy: 119 adam halas edildi, 6 adam heläk boldy, 130 ýolagçy dereksiz ýitdi

18:00 Sentýabr 14, 2026
Eýranyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň Omanda geçiriljek duşuşygy taraplaryň özara karary bilen yza süýşürildi

Eýranyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň Omanda geçiriljek duşuşygy taraplaryň özara karary bilen yza süýşürildi

16:00 Sentýabr 14, 2026
Ugandanyň ilkinji täjirçilik nebit ýatagy mehaniki taýýarlyk tapgyryna ýetdi

Ugandanyň ilkinji täjirçilik nebit ýatagy mehaniki taýýarlyk tapgyryna ýetdi

14:00 Sentýabr 14, 2026