HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Mart 07, 2023 | 22:10 |5703
Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.
Çeşme: Watan

Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasy boldy. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Olaryň hemmesi Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular. Bu ýere Watanymyzyň dürli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar, “Ýylyň zenany-2023” we beýleki döredijilik, hünär bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriniň zenan işgärleri çagyryldy.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň zenanlara bagyşlanan eserleri, ajaýyp el işleri şeýle hem zenanlar baýramy bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Çykyş eden aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler.

Meşhur opera we estrada aýdymçylary mähriban zenanlar üçin milli we dünýäniň nusgawy aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026