HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TMDDI-nyň mugallymlary Kembrij uniwersitetiniň okuw usulyýetleri bilen tanyşdylar

Mart 11, 2023 | 15:21 |15063
D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary Kembrij uniwersitetiniň onlaýn-gününe (Online Cambridge Day) gatnaşýarlar. Onuň çäklerinde tejribeli pedagoglar öz kärdeşlerini bütin dünýä meşhur ýokary okuw mekdebiniň ajaýyp okuw usulyýetleri bilen tanyşdyrarlar we köpýyllyk tejribelerini paýlaşarlar.D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary Kembrij uniwersitetiniň onlaýn-gününe (Online Cambridge Day) gatnaşýarlar. Onuň çäklerinde tejribeli pedagoglar öz kärdeşlerini bütin dünýä meşhur ýokary okuw mekdebiniň ajaýyp okuw usulyýetleri bilen tanyşdyrarlar we köpýyllyk tejribelerini paýlaşarlar.
Çeşme: unsplash.com

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary Kembrij uniwersitetiniň onlaýn-gününe (Online Cambridge Day) gatnaşýarlar. Onuň çäklerinde tejribeli pedagoglar öz kärdeşlerini bütin dünýä meşhur ýokary okuw mekdebiniň ajaýyp okuw usulyýetleri bilen tanyşdyrarlar we köpýyllyk tejribelerini paýlaşarlar.

Çäräniň çäklerindäki leksiýalar 10-11-nji martda geçýär. Sapaklar täze tehnologiýalaryň we çemeleşmeleriň üsti bilen mugallymlara talyplar bilen özara täsiri gowulandyrmaga kömek etmäge niýetlenendir.

TMDDI-dan okuw sessiýalaryna iňlis dili kafedrasynyň müdiri Çemen Wekilowa we iňlis filologiýasy kafedrasynyň mugallymy Eneş Annaýewa gatnaşýarlar.

Gatnaşyjylar iňlis dilini öwrenmegi has gyzykly we özüne çekiji etmegiň usullaryna, birmeňzeş däl pikirlenmäni höweslendirmäge, şeýle hem multimedia serişdeleriniň kömegi bilen okuw temalaryny wizualizasiýa etmäge uly üns berdiler.

Mugallymlaryň hünär başarnygyny ýokarlandyrmak üçin şuňa meňzeş onlaýn-çärä gatnaşylmagy Türkmenistanda daşary ýut dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde höweslendirilýär.

Maksat BUGRAÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026