HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Mahmyt Kaşgarly adyndaky hekaýalaryň bäsleşigine gatnaşyp bilerler

Mart 10, 2023 | 12:30 |12508
Ýewraziýanyň ýazyjylar birleşmesiniň TÜRKSOÝ guramasy we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikdäki guralýan Mahmyt Kaşgarly adyndaky hekaýalaryň VII halkara bäsleşigine ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy.Ýewraziýanyň ýazyjylar birleşmesiniň TÜRKSOÝ guramasy we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikdäki guralýan Mahmyt Kaşgarly adyndaky hekaýalaryň VII halkara bäsleşigine ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy.
Çeşme: youtube.com

Ýewraziýanyň ýazyjylar birleşmesiniň TÜRKSOÝ guramasy we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikdäki guralýan Mahmyt Kaşgarly adyndaky hekaýalaryň VII halkara bäsleşigine ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy.

Bu ýyl bäsleşik Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygyna we TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanýar. Döredijilik bäsleşigi dünýäniň ähli türki dilli döwletleriniň ýazyjylar birleşmeleri we edebiýat neşirleri bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.

Gatnaşyjylar bäsleşige müň sözden az bolmadyk we 10 müň sözden köp bolmadyk erkin temadan hekaýa ugradyp bilerler. Işler ozal çap edilmedik ýa-da başga bäsleşiklere gatnaşmadyk bolmaly. Olary 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kmahmut2023@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda bolup geçer. Olara pul baýraklary berler.

Mahmud Kaşgarly ähli döwürleriň iň meşhur türkologlarynyň biridir, ony ylmy türkologiýany esaslandyrjy hökmünde ykrar edýärler. Dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan «Türki dilleriň sözlügi» Mahmyt Kaşgarla degişlidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026