HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň öndürijileri Hytaýda geçiriljek importyň we eksportyň halkara sergisine çagyrylýar

Mart 09, 2023 | 19:03 |14692
Türkmen telekeçileri 15-nji aprelde Guançžou şäherinde açyljak 133-nji Hytaý import we eksport ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Kanton ýarmarkasy hökmünde hem bellidir. Çäre 5-nji maýa çenli dowam eder we üç tapgyrda geçiriler.Türkmen telekeçileri 15-nji aprelde Guançžou şäherinde açyljak 133-nji Hytaý import we eksport ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Kanton ýarmarkasy hökmünde hem bellidir. Çäre 5-nji maýa çenli dowam eder we üç tapgyrda geçiriler.
Çeşme: news.cgtn.com

Türkmen telekeçileri 15-nji aprelde Guançžou şäherinde açyljak 133-nji Hytaý import we eksport ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Kanton ýarmarkasy hökmünde hem bellidir. Çäre 5-nji maýa çenli dowam eder we üç tapgyrda geçiriler.

Birinji tapgyryň çäginde 15-nji aprelden 19-njy aprel aralygynda elektrik enjamlary, hojalyk we durmuş tehnikasy, ulag serişdeleri, gurluşyk materiallary, himiýa önümleri we ş.m. görkeziler.

23-nji aprelden 27-nji aprel aralygynda myhmanlar gündelik ulanylýan harytlar we öý bezegi üçin niýetlenen dürli önümler bilen tanşyp bilerler. 1-nji maýdan 5-nji maý aralygynda sergide dokma önümleri, dynç alyş üçin harytlar, derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, şeýle-de azyk önümleri görkeziler.

Kanton ýarmarkasy Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi we Guançžou welaýatynyň Halk hökümeti tarapyndan Hytaýyň Daşary söwda merkezi bilen bilelikde her iki ýylda bir gezek geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026