HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürligi ÝTÖB-nyň okuwynda internetde satuwlary artdyrmagyň gurallaryny özleşdirýär

Mart 09, 2023 | 16:47 |11171
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda sanly marketingiň gurallarynyň kömegi arkaly internetde satuwa başlamaga we onuň gerimini artdyrmaga bagyşlanan sekiz günlük okuw gurady. Okuwyň açylyşy «Arçabil» myhmanhanasynda bolup geçdi.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda sanly marketingiň gurallarynyň kömegi arkaly internetde satuwa başlamaga we onuň gerimini artdyrmaga bagyşlanan sekiz günlük okuw gurady. Okuwyň açylyşy «Arçabil» myhmanhanasynda bolup geçdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda sanly marketingiň gurallarynyň kömegi arkaly internetde satuwa başlamaga we onuň gerimini artdyrmaga bagyşlanan sekiz günlük okuw gurady. Okuwyň açylyşy «Arçabil» myhmanhanasynda bolup geçdi.

Okuw kursy hem nazaryýet, hem amaly sapaklary öz içine alýar. Ony elektron marketing ugry boýunça tejribeli maslahatçylar Artýom Krawsow we Ýewgeniý Inžeýew geçirýärler.

200-den gowrak telekeçi okuwa gatnaşmak üçin ýüz tutma ugratdy, bu bolsa türkmen işewürliginiň sanly marketinge we internet üsti bilen satuwlary artdyrmagyň täze gurallaryna bolan barha artýan islegini görkezýär.

ÝTÖB-da soňky döwürde olaryň Türkmenistandaky elektron marketing babatynda telekeçilige goldaw bermäge gönükdirilen maslahat beriş hyzmatlarynyň sanynyň düýpli artandygyny bellediler. Bu hem sanlylaşdyrmany we onlaýn-söwdany makullaýan Bankyň we Türkmenistanyň hökümetiniň ileri tutýan ugurlaryna gabat gelýär.

Ilkinji sapakda gatnaşyjylar Türkmenistanyň onlaýn-bazarynyň gysgaça synyny geçirdiler, internetdäki trendler we söwdanyň artyş nokatlary bilen tanyşdylar. Şeýle hem programma işläp düzüjileri çekmezden, sanly-marketing we internet-dükan döretmek üçin çykdajylary hasaplamak meselesine deglip geçildi.

Häzirki zaman dünýäsinde elektron marketing işewürligi ösdürmek üçin möhüm gural boldy. Ol telekeçilere öz brendiniň tanalyşyny artdyrmaga, müşderileriň ynamdrlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýär, şeýle hem auditoriýa bilen ynançly gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026