Inklýuziw bahar: Aşgabatda «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň baýramçylyk çykyşy


Şenbe güni paýtagtyň «Watan» kinokonsert zalynda Halkara aýallar gününe bagyşlanan «Baharyň aýdymy atly konsert geçirildi. Döredijilik çäresi, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan UNODC bilen hyzmatdaşlykda USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasynyň goldawy bilen guraldy.
Çäre dürli hünärdäki we ýaşdaky erkekleriň aýal-gyzlara gutlaglary we ejelerine, aýallaryna, aýal doganlaryna, gyzlaryna, gelinlerine ... çyn ýürekden we mähirli duýgularyny görkezýän wideo bilen açyldy.
Soňra sahnada tans ansambllary we halk döredijiligi toparlary, halk sazandalary, meşhur estrada aýdymçylary we ýaş suratkeşler şöhle saçdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli we daşary ýurt aýdym-saz klassikleriniň eserleri, häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Zaldaky baýramçylyk howasy, her çykyşdaky hereket tomaşaçylara joşgunly tans etdirdi.
Maksatnamanyň ep-esli bölegi «Gül mukamlary» atly inklýuziw moda kolleksiýasdan düzüldi. Tomaşaçylara adatdan daşary ylham berýän, baş gahrymany, ýagny tebigy aýlawda, adam durmuşynda we ruhda ajaýyp pursat bolan, ýagtylyk, ýylylyk, hoşniýetlilik we olary paýlaşmak islegi bilen doly «Bahar» pasly bolan moda görkezişi boldy.
Ýaş modeller sahnada aýal eşiklerindäki romantiki şekilleri, şeýle hem «Yeňme» jemgyýetçilik guramasynda tikin öwrenýän gyzlar tarapyndan oýlanyp tapylan we döredilen, çagalar we ýetginjekler üçin modasy «Görkezişi» görkezdi. Täze başlan senetçiler we dizaýnerler üçin halypalyk eden modelýer Gülnara Allaberdiýewa, bu çärede okuwçylary üçin we okuwçylaryndan gelen el çarpyşmalardan aýratyn paýa mynasyp boldy.
Artur PETROSÝANS








