HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambul saglygy goraýyşa bagyşlanan halkara forumy kabul eder

Mart 02, 2023 | 13:13 |4314
2023-nji ýylyň 6-8-nji iýunynda Stambulda  The Future of Healthcare Meetings (saglygy goraýyşyň geljekdäki duşuşyklary) halkara forumy geçiriler – diýlip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-habarynda mälim edilýär.2023-nji ýylyň 6-8-nji iýunynda Stambulda  The Future of Healthcare Meetings (saglygy goraýyşyň geljekdäki duşuşyklary) halkara forumy geçiriler – diýlip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-habarynda mälim edilýär.
Çeşme: b-port.com

2023-nji ýylyň 6-8-nji iýunynda Stambulda The Future of Healthcare Meetings (saglygy goraýyşyň geljekdäki duşuşyklary) halkara forumy geçiriler – diýlip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-habarynda mälim edilýär.

Çäräniň gurnaýjylary bolup Kongresleriň we maslahatlaryň halkara birleşmesi (International Congress and Convention Association-ICCA) we birleşmeleriň we maslahatlaryň Forumy (Associations & Conference-AC) çykyş edýär.

Çäre saglygy goraýyş pudagynyň wekillerini, şol sanda lukmançylyk işgärlerini, lukmançylyk guramalaryň baştutanlaryny, saglygy goraýyşyň meseleleri boýunça netijeli bütindünýä ýygnaklaryny geçirmek boýunça täze çözgütleri we strategiýalary gözlemek üçin üpjün edijileri bir ýere toplar.

Saglygy goraýyş ulgamyny birleşdirmek bilen, forum pandemiýadan soňky döwürde lukmançylyk duşuşyklarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge, bu ugurda Stambulyň ornunyň giňelmegine niýetlenendir.

«Lukmançylyk maslahatlarynyň geljegi» atly forum üç ýylyň dowamyndaky möhüm çäreleriň birnäçesini öz içine alýar. Ilkinji gönümel gatnaşylýan çäre 2022-nji ýylyň 6-8-nji iýulynda Kannda, Fransiýada bolup geçdi.

Ştab-kwartirasy Amsterdamda ýerleşýän Kongresleriň we maslahatlaryň halkara birleşmesi (ICCA) kongresleri we duşuşyklary geçirmek babatynda öňdebaryjy guramalaryň biridir. Onuň dünýäniň 100 ýurdunda we sebitinde 1100 golaý agzasy bar.

1963-nji ýylda özüniň döredilen wagtyndan bäri ICCA iň gowy ugurlary we halkara duşuşyklaryň we çäreleriň has tejribeli üpjün edijilerini hödürleýär. Türkiýe hem bu gurama bilen hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň biridir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026