HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bütin dünýäde onlaýn satyn almalary amala aşyrmak üçin VISA Virtual karty girizdi

Mart 02, 2023 | 17:06 |38164
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA Virtual täze bank kartyny girizdi, onuň kömegi bilen daşary ýurt internet-dükanlarynda söwda edip bolýar we daşary ýurt onlaýn-serwislerine töleg töläp bolýar.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA Virtual täze bank kartyny girizdi, onuň kömegi bilen daşary ýurt internet-dükanlarynda söwda edip bolýar we daşary ýurt onlaýn-serwislerine töleg töläp bolýar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA Virtual täze bank kartyny girizdi, onuň kömegi bilen daşary ýurt internet-dükanlarynda söwda edip bolýar we daşary ýurt onlaýn-serwislerine töleg töläp bolýar.

Täze kart ýörite internetde howpsuz satyn almalary amala aşyrmaga niýetlenendir. Onuň kömegi bilen islendik adam onlaýn-satyn almalary amala aşyryp bilýär, hyzmatlary sargyt edip bilýär, elektron biletleri satyn alyp we oteli bronlap bilýär.

Mysal üçin, wirtual kartyň üsti bilen Google Play-iň we App Store-iň ykjam goşundylaryna ýazylyp bolýar, meşhur daşary ýurt onlaýn-dükanlarynda satyn alan zadyňa töleg geçirip bolýar we başga-da köp zatlary edip bolýar.

Sanly kartyň aýratynlygy – fiziki göterijiniň bolmazlygydyr. Ony resmileşdirenden soňra ulanyjy diňe rekwizitleri alýar — bu kartyň belgisi, hereket edýän möhleti, barlag kodlarydyr. Onlaýn-hasaplaşyklary geçirmek üçin şu maglumatlar ýeterlikdir.

Karty açmak üçin müşderilere Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň şahamçasyna pasport we onuň nusgasy bilen gelip, arza doldurmak we hasaba başlangyç möçberi girizmek ýeterlikdir. Serişdeler karta ABŞ-nyň dollarynda salynýar we saklanylýar.

Goşmaça maglumaty Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň merkezi edarsynda, şeýle hem Aşgabat şäherindäki we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçalaryndan bilip bol;ýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026