HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yslamabat Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda we eksporta ýardam etmek Gullugyny açdy

Mart 02, 2023 | 00:18 |7600
Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.
Çeşme: pakistantoday.com

Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.

Däp bolan lentany diplomatik korpusyň duaýeni, Türkmenistanyň ilçisi Atajan Mowlamow kesdi we ICCI-ni Pakistanyň Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin döredilen täze gurluşyň açylmagy bilen gutlady. Şeýle hem, Pakistanda we MAS-de hususy pudaga biri-biri bilen işewürlik tekliplerini alyş-çalyş etmek üçin ýöriteleşdirilen web portalynyň döredilmelidigini belledi.

Çärä sebitiň beýleki ýurtlarynyň ilçileri hem gatnaşdy. Olar Pakistan bilen aragatnaşygyň möhümdigini beläp, munuň sebitiň deňize çykalgasy bolmadyk döwletlerine Pakistanyň portlary arkaly köp bazara girmäge mümkinçilik gazandyrjakdygyny nygtadylar. Diplomatlar adamlar bilen B2B aragatnaşygyny ösdürmek üçin Pakistan bilen göni uçuşlary ýola goýmagy maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gazagystanyň ilçisi Almaty bilen Lahoryň arasynda göni uçuşlaryň maý aýynda, Almaty bilen Karaçi arasynda bolsa şu ýylyň aprel aýynda açyljakdygyny aýtdy.

2.jpg

ICCI-iň prezidenti Ahsan Zafar Bagtawari, bu barada çykyş edip, Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlarynyň işewürlik we maýa goýumlary üçin ägirt uly mümkinçiligi bolan 90 milliard dollardan gowrak bazar hökmünde bahalandyrylýandygyny, emma Pakistanyň bu ýurtlar bilen söwdasynyň mümkin göwrümlerinden uzakdygyny aýtdy.

Ol Pakistanyň bu ýurtlara dokma, deri, derman serişdeleri, oba hojalyk önümleri, elektrik, aragatnaşyk enjamlary, tehnika we enjamlary, şeýle hem dürli hyzmatlar ýaly köp haryt eksport edip biljekdigini belledi. Beýleki tarapdan Pakistan bu ýurtlardan energiýa we beýleki önümleri import edip, halkara söwda portlary arkaly gysga ýollar bilen üpjün edip biler.

Mundan başga-da, Pakistan tarapynyň wekilleri CASA 1000 we TAPI gaz geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmagy barada aýtdylar.

Geçen hepde Pakistanyň başga şäherinde Rawalpindi Söwda-senagat palatasynda (Penjapda) şuňa meňzeş gulluk resmi taýdan ýola goýuldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026