HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň golýazmalar merkeziniň müdiri bilen duşuşdy

Mart 01, 2023 | 23:45 |5484
Türkmenistanyň Gruziýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Myradow we Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaal Abaşidze Türkmenistan we Gruziýa halklarynyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň tanadylmagyny ara alnyp maslahatlaşdlary. Duşuşyk sişenbe güni Tbilisi şäherinde geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Türkmenistanyň Gruziýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Myradow we Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaal Abaşidze Türkmenistan we Gruziýa halklarynyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň tanadylmagyny ara alnyp maslahatlaşdlary. Duşuşyk sişenbe güni Tbilisi şäherinde geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: all.accor.com

Türkmenistanyň Gruziýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Myradow we Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaal Abaşidze Türkmenistan we Gruziýa halklarynyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň tanadylmagyny ara alnyp maslahatlaşdlary. Duşuşyk sişenbe güni Tbilisi şäherinde geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Şeýle hem taraplar ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn ylym we bilim hyzmatdaşlygyny has çuňlaşdyrmak we berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen diplomaty Türki döwletleriň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan edendigini aýtdy. Ol häzirki wagtda türkmen klassiginiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek üçin taýýarlyk görülýändigini belläp, munuň özüniň şahyryň döredijilik mirasynyň ähli adamzadyň gymmatlygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Zaal Abaşidze, öz gezeginde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky milli dil, edebiýat we golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň milli golýazmalar merkeziniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Duşuşyga gatnaşanlar, dowamly Türkmenistanda we Gruziýada halkara maslahatlary, sergileri, şeýle hem dürli medeni çäreleri geçirmegi ylalaşadylar – diýip habarda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026