HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Mart 01, 2023 | 23:08 |8700
Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanylmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanylmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.
Çeşme: Watan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanylmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine meýil beýan edildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan hem-de innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy bu hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn uly üns berilýändigi nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady taslamalar amala aşyrylanda ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär.

Şeýle hem häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şundan ugur alyp, şu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026