HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-tatar iş topary mart aýynda Aşgabatda gepleşikleri geçirer

Mart 01, 2023 | 22:33 |5342
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazandaky konsullygy

Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Forumy geçirmek baradaky ylalaşyk, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew bilen Tatarstan Respublikasynyň Saglyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Marsel Minnulliniň arasynda geçirilen duşuşykda gazanyldy – diýip, türkmenleriň Kazandaky diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň möhüm mowzuklaryndan biri, iki ýurduň saglyk işgärleriniň arasynda ylmy we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryndan biridigi bellendi.

Bu pudakdaky ösüşler we toplanan tejribe diýseň täsir galdyryjy – diýip, türkmen diplomaty aýtdy. Gürrüň saglyk pudagyndaky bilim taslamalary barada bolyp, ýagny soňky ýyllarda türkmen lukmanlary professor I. Fedorow adyndaky Kazan okuw merkezinde we «Talar» lukmançylyk okuw merkezinde dürli hünärler boýunça okuw we hünär derejesini ýokarlandyryş kurslaryny geçdiler.

Häzirki wagtda Saglygy goraýyş ministrligi üçin 2021-nji ýylda Tatarstan Respublikasyndan satyn alnan iki dikuçar Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda işleýär. Şeýle hem, Tatarstanyň «Eidos-Medicine» JÇJ-i bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň hyzmatdaşlygynda lukmançylyk ulgamynda simulýasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Duşuşykda taraplar ylmy we amaly gatnaşyklar we lukmançylyk işgärleriniň arasynda yzygiderli tejribe alyşmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026