HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus-eýran kompaniýasy ýükleri Eýranyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen meşgullanar

Mart 01, 2023 | 20:01 |9550
Hazar toparynyň we Eýranyň iri "Mostazafan" gaznasynyň gatnaşmagynda döredilen ulag kompaniýasy ýükleri Eýranyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen meşgullanar.  ““Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” Paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Sergeý Miluşkiniň pikiriçe, bu “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (ITC) boýunça ýük daşamagy çaltlaşdyrar – diýip, TASS habar berýär.Hazar toparynyň we Eýranyň iri "Mostazafan" gaznasynyň gatnaşmagynda döredilen ulag kompaniýasy ýükleri Eýranyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen meşgullanar.  ““Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” Paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Sergeý Miluşkiniň pikiriçe, bu “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (ITC) boýunça ýük daşamagy çaltlaşdyrar – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: Tehrantimes.com

Hazar toparynyň we Eýranyň iri "Mostazafan" gaznasynyň gatnaşmagynda döredilen ulag kompaniýasy ýükleri Eýranyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen meşgullanar. ““Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” Paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Sergeý Miluşkiniň pikiriçe, bu “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (ITC) boýunça ýük daşamagy çaltlaşdyrar – diýip, TASS habar berýär.

“Öňümizdäki ýyllarda biz transhazar ýoluny Hazar sebitiniň esasy ugry hökmünde görýäris, sebäbi günbatar ugry ýola goýmak üçin Eýranda demir ýoluň gurulmagyna we gündogar ugrunyň Türkmenistanyň üsti bilen geçirijilik ukybynyň artdyrylmagyna, azyndan birnäçe ýyl gerek. Ýükleri häzirki wagtda aýratyn ykdysady zolagyň dolandyryjysynyň gatnaşmagynda daşamak üçin rus-eýran kompaniýasy hasaba alyndy, ol awtoulag arkaly Eýranyň çäginden ýükleriň üstaşyr daşalyşy bilen meşgullanar. Eýran tarapyndan bu taslama ulaglaryň öz wagtynda üpjün edilmegini we ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän kompaniýa (Eýranyň “Mostazafan” gaznasyna girýär) gatnaşýar" – diýip, Miluşkin aýtdy.

Ol: “Bu Eýranyň demirgazyk portlaryndan günorta portlaryna üstaşyr ýük gatnawynyň päsgelçiliksiz ösüşini üpjün eder we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça multimodal ýük daşama gatnawlaryny ösdürer” - diýip belläp geçdi.

21-nji fewralda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Federal Assambleýa gönderen ýüzlenmesinde Russiýanyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösüşine aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Bu Hindistan, Eýran, Päkistan we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026