HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Garagalpagystanda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny baýram etdiler

Mart 02, 2023 | 10:31 |9069
Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Bu barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Bu barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Bu barada Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.

Çäre Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Rejepbaý Nurazizowyň gatnaşmagynda, Respublikanyň Ýokary geňeşiniň deputatlarynyň, ýerli ministrlikleriň we edaralaryň işgärleriniň, şeýle hem daşary döwletleriň medeniýet merkezleriniň wekilleriniň, habarçylaryň gatnaşmagynda geçdi.

Çykyş edenler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini, 30 ýylyň dowamynda gazanylan oňyn netijeleri belläp geçdiler we geljekde olaryň ösmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Myhmanlary medeni merkezler tarapyndan guralan we dürli ýurtlaryň halklarynyň taryhy, ruhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi garşy aldy.

Berdak adyndaky Garagalpak döwlet akademiki sazly teatry Magtymguly Pyragynyň, Alişer Nowaýynyň we Berdagyň goşgularyny öz ene dillerinde okadylar.

Çäräniň çäklerinde şeýle hem türkmen, özbek, garagalpak we beýleki dillerde aýdymlar ýaňlandy, tanslar ýerine ýetirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026