HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Almatyda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumy geçirilýär

Mart 01, 2023 | 17:30 |10309
Gazagystan Ýewraziýa we GDA ýurtlary üçin farmakologiýa pudagyndaky möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine öwrüldi. Iki günüň dowamynda - 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumyna gatnaşyjylar Almatyda Ýewraziýa sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň derman senagaty bilen baglanyşykly meseleleriniň birnäçesine serederler – diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.Gazagystan Ýewraziýa we GDA ýurtlary üçin farmakologiýa pudagyndaky möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine öwrüldi. Iki günüň dowamynda - 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumyna gatnaşyjylar Almatyda Ýewraziýa sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň derman senagaty bilen baglanyşykly meseleleriniň birnäçesine serederler – diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.
Çeşme: Вечерний Алматы

Gazagystan Ýewraziýa we GDA ýurtlary üçin farmakologiýa pudagyndaky möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine öwrüldi. Iki günüň dowamynda - 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumyna gatnaşyjylar Almatyda Ýewraziýa sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň derman senagaty bilen baglanyşykly meseleleriniň birnäçesine serederler – diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Ýewraziýanyň farmasewtika bazarlaryny täze durmuş hakykatyna amaly taýdan uýgunlaşdyrmak, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň we GDA ýurtlarynyň derman senagaty üçin hyzmatdaşlygyň hilini üýtgetmek, derman senagatynyň bahalaryny kadalaşdyrmak we farmasewtika serişdeleriniň dermanhanalarda ýetmezçiliginiň, bolmazlygynyň öňüni almak, şeýle hem innowasion serişdeler bazaryna girmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Foruma gatnaşmak üçin pudaklaýyn guramalaryň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem Ýewraziýadaky iri halkara we ýerli farmasewtika serişdelerini öndüriji kärhanalaryň hünärmenleri Almaty şäherine geldi.

Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň goldawy bilen geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026