HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Altyn Asyr» 4G aragatnaşygy bilen Balkanabat we Daşoguz şäherleriniň çäklerini doly gurşap aldy

Mart 01, 2023 | 17:34 |11568
«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Balkanabat we Daşoguz şäherlerini ol ýerleriň çäginde täze häzirki zaman enjamyny oturdyp, 4G aragatnaşygy bilen doly gurşap aldy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Balkanabat we Daşoguz şäherlerini ol ýerleriň çäginde täze häzirki zaman enjamyny oturdyp, 4G aragatnaşygy bilen doly gurşap aldy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.
Çeşme: unsplash.com

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Balkanabat we Daşoguz şäherlerini ol ýerleriň çäginde täze häzirki zaman enjamyny oturdyp, 4G aragatnaşygy bilen doly gurşap aldy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.

Indi bu şäherleriň ýaşaýjylary we myhmanlary hiç hili kesilmezden we eglenmezden mobil internetden peýdalanyp bilýärler – ýokary agyrlykdaky şekilli ýazgylara seredip bilýärler, onlaýn-oýunlary oýnap bilýärler, şekilli jaňlary amala aşyryp bilýärler we başga-da köp zatlary edip bilýärler. Mundan başga-da, 4G aragatnaşyk jaňlaryň dowamynda 3G ýa-da 2G bilen deňeşdireniňde sesiň has gowy berilmegini üpjün eder.

Ýokarda agzalanlaryň ählisi üçin «Altyn Asyr» «Internet-200» ýörite internet-bukjasyny teklip edýär, ol 200 manada 20GB trafik berýär. Mysal üçin, 20 GB trafik bu – 10 sagada golaý wagtyň dowamynda ýokary hilli şekilli ýazga seretmek, 200 sagat saz diňlemek we internetde 500 sagatlap gözleg geçirmekdir.

Ozal «Altyn Asyryň» Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda 4G aragatnaşygyň işi üçin täze enjam oturdandygy habar berlipdi, şeýlelikde ol ýokary tizlikli internetiň elýeterligini giňeltdi.

Şeýle hem 1-nji martdan Türkmenistanda çäksiz öý internetiniň tizligi ýokarlandyryldy we internet-nyrhlary arzanladyldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026