GDA-nyň hökümetleriniň baştutanlary hyzmatlaryň erkin söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekip bilerler
Mart 01, 2023 | 15:00 |7316


GDA gatnaşýan-ýurtlaryň hökümetleriniň baştutanlary Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatlaryň erkin söwdasy baradaky Ylalaşyga birinji ýarym ýylyň soňuna çenli gol çekip bilerler. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew beýan etdi, şunda bu resminamanyň üstünde on ýyldan gowrak wagt bäri işlenilýändigini anyklady.
Ylalaşyga gol çekmek meselesi GDA agza döwletleriň hökümetleriniň baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine çykaryljak 15 meseläniň arasynda esasylaryň biri bolar. Ol üstümizdäki ýylyň iýun aýynda Soçide geçer.
Duşuşygyň çäklerinde şeýle hem Ýewraziýa ykdysady birleşiginyň ugry boýunça çäre we ykdysady forum geçirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT news








