HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bouygues Turkmen Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary izygiderli geçirer

Mart 01, 2023 | 11:26 |16167
Bouygues Turkmen kompaniýasy özüniň  Carbon Training Center okuw merkezinde Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary yzygiderli geçirmegi niýet edinýär – diýip, kompaniýanyň wekilleri ORIENT-e gürrüň berdiler.Bouygues Turkmen kompaniýasy özüniň  Carbon Training Center okuw merkezinde Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary yzygiderli geçirmegi niýet edinýär – diýip, kompaniýanyň wekilleri ORIENT-e gürrüň berdiler.
Çeşme: Bouygues Turkmen tarapyndan berildi

Bouygues Turkmen kompaniýasy özüniň Carbon Training Center okuw merkezinde Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary yzygiderli geçirmegi niýet edinýär – diýip, kompaniýanyň wekilleri ORIENT-e gürrüň berdiler.

Bu çäreler okuwçylary ekologiýa barada möhüm faktlar bilen tanyşdyrar, olara howanyň üýtgemeginiň sebäbine düşünmäge kömek eder we her kimiň ekologiýa meseleleri çözmäge nädip şahsy goşant goşup biljekdigini gyzykly görnüşde gürrüň berer.

Carbon Training Center-däki ilkinji eko-çäre 25-nji fewralda geçirildi. Oňa A. S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçylary geldiler.

Bouygues Turkmen будет регулярно проводить в Ашхабаде экологические акции для детей Aşgabatdaky bilelikdki türkmen-rus mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçylary Bouygues Turkmen-iň eko-çäresinde, 25-nji fewral

Moderatorlar okuwçylaryň ekologiýa barada köp faktlar bilen tanşyp bilmekleri, howanyň üýtgemeginiň sebäplerine düşünmegi we her kimiň ekologiýa meseleleri çözmekde nädip goşant goşup biljekdigini bilmekleri üçin çagalar üçin ”Howa freskasy” atly gyzykly oýun-trening geçirdiler.

Eko-meýletinçi Galina Dobrowa we DÖM-nyň ýaş ilçisi Gülşat Aidowa okuwçylara zibilleri gaýtadan işlemegiň möhümdigi barada gürrüň berdiler we zibilleri sortlara bölmek boýunça oýun-trening geçirdiler.

Bouygues Turkmen-iň uglerodyň galyndysyny azaltmak boýunça komitetiniň baştutany Mammed Fataliýew we kompaniýanyň korporatiw durmuşy boýunça jogapkärçilik komitetiniň ýolbaşçysy Ýelena Spiridonowa batareýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawa edýän zyýany barada presentasiýa görkezdiler. Onuň maksady batareýalaryň dogry ýok edilmegini gürrüň bermek, şeýle hem has ekologik hasaplanylýan gaýtadan zarýada goýulýan akkumulýatorlara geçilmegini höweslendirmekdi.

Bouygues Turkmen будет регулярно проводить в Ашхабаде экологические акции для детей Bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary plastikden ybarat hojalyk zibilini gaýtadan işlemäge tabşyrýarlar

Ýetginjek myhmanlar plastigi gaýtadan işlemek meselesine jogapkärli çemeleşdiler we plastik zibili gaýtadan işlemäge tabşyrmaga gatnaşdylar – olar adatça hojalyk zibiline taşlanylýan plastikden edilen zatlary öýlerinden getirdiler we köp gezek ulanyp bolýan mata torbalary aldylar, olar bolsa dükana gidilende ulanylýan plastik paketleriň mukdaryny azaltmaga kömek edip biler.

Çagalaryň gurnaýjylardan we çagyrylan bilermenlerden alan bilimleri olarda täsir galdyrdy, olar interaktiw oýunlara höwes bilen gatnaşdylar we ekologiýa baradaky multfilmeleriň ýygyndysyna seretdiler.

Çagalaryň gatnaşmagyndaky indiki eko-çäre Bouygues Turkmen-de 3-nji, 4-nji we 11-nji martda geçiriler.

Daşky gurşaw barada alada etmek üçin, fransuz senagat topary Bouygues uglerodyň galyndylaryny kemeltmek boýunça özüne borçnama aldy we Howa strategiýasyny kabul etdi, oňa laýyklykda ol 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňylyşyny 30% kemeltmelidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026