Türkmen wekiliýeti Şweýsariýadaky Dünýä söwdasy institutynda okuw geçdi


Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet komissiýasynyň agzalary Şweýsariýadaky Bern Uniwersitetiniň Dünýä söwdasy institutynyň «Gyşky akademiýa-2023» okuw kurslaryna gatnaşdylar.
Bu barada Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň metbugat üçin ýaýradylan maglumatynda habar berilýär, bu sapar şu taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkezi bilen bilelikde guraldy.
«Gyşky akademiýa- 2023» modullary okamagyň üç tapgyryndan ybarat bolup, Türkmenistanyň BSG-na agza bolmak işinde uly ähmiýete eýe boljak temalara bagyşlandy. Hususan-da, gatnaşyjylar BSG-nyň serhetýaka çäreleri baradaky düzgünleri, subsidiýa we öwezini dolmak çäreleri bilen tanyşdylar, şeýle hem hyzmatlary söwda etmek babatynda bilimleriniň üstüni ýetirdiler.
Okuwyň dowamynda hususy pudakdaky söwda bilen baglanyşykly meselelere, gepleşikleri alyp barmagyň aýratynlyklaryna we olaryň kadalaşdyrylmagyna degilip geçildi.
Bern uniwersitetiniň ýanyndaky 1999-njy ýylda esaslandyrylan Dünýä söwdasy instituty bütindünýä ykdysady dolandyrylyşy babatynda ylmy-barlaglary geçirmek, bilim, halkara ykdysady hukugy we ykdysady durnuklylyk bilen meşgullanýar. Onuň işi bütindünýä söwdasyna gowy düşünmäge we onuň ýurtlara we işewürliklere täsirine ýardam etmäge, şeýle hem halkara söwdasynda we ykdysadyýetde üstünlik gazanmak üçin başarnyklary we bilimleri bermäge gönükdirilendir.
Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
ORIENT habarlar








