“Türkmenaragatnaşyk” BMGÖM-niň gatnaşmagynda sanly özgertmeler babatda täze taslamany işe girizýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi duşenbe güni “Türkmenistanda pudagara elektron-maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam bermek” atly täze taslama gol çekdiler.
― Sanly dolandyrmagyň milli ekoulgamyny döretmek boýunça telekommunikasiýalar agentiligi bilen şeýle uly taslamany işe girizmek biziň üçin uly hormatdyr – diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy hem-de sanly tehnologiýalara geçmäge ýardam bermegiň düzümleýin özgertmeleriň bir bölegi bolup durýandygyny, şoňa görä-de, özleriniň Türkmenistany BMGÖM-niň bu ählumumy teklibinden peýdalanýan ýurtlaryň hatarynda görmäge şatdyklaryny belledi.
“Türkmenistanda pudagara elektron-maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam bermek” taslamasy umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 million dollaryndan gowrak bolup, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilmek bilen ýurtda maglumatlary elektron taýdan alyşmagyň ulgamyny işläp düzmäge we ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu ulgam X-road-da, açyk çykyş kody bilen programma üpjünçiliginde hem-de ekoulgam çözgüdinde gurnalyp, guramalaryň arasynda maglumatlary bitewi hem-de howpsuz alyşmagy üpjün edýär. Bu ulgam Estoniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda we ençeme beýlekilerde özüni örän oňat görkezdi.
Döwlet ulgamyny sanlylaşdyrmak BMGÖM-iň Türkmenistandaky işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Mysal üçin, BMGÖM-e işewürlik amallaryny ýönekeýleşdirmekde we sazlaşdyrmakda hem-de import-eksport amallarynyň dowamynda Döwlet gümrük gullugy bilen beýleki edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmekde goldaw berýär; işewürligiň wekillerine arzalaryny onlaýn bermäge we içerki işleri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän Statistiki işewürlik-sanawyny döretmäge kömek edýär, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş banky üçin “Internet-bankingi” we “Mobil bankingi” ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Maglumatlary elektron taýdan alyşmak ulgamyny döretmek boýunça täze taslama geljekde maglumatlary pudaklar arasynda alyşmagyň binýadyna öwrülip, 2022-nji ýylyň mart aýynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen özara düşünişmek hakynda gol çekilen ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanda sanly ulgama geçilmegini güýçlendirmek boýunça BMGÖM-niň tagallalaryny dowam eder. Ähtnama statistika, bank işi, maliýe, gümrük, raýat ýagdaýlarynyň namalaryny bellige almnak ulgamlarynda hem-de beýleki döwlet hyzmatlarynda ýurduň sanly kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
ORIENT news








