HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halysy – Wenadaky bäsleşikli söwdada iň gymmat lot

Fewral 26, 2023 | 14:36 |20763
Austria Auction Company «Fine Antique Oriental Rugs XXXII» atly halylaryň ýöriteleşdirilen bäsleşikli söwdasy 2023-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriler. Bu bäsleşikli söwdada giň görnüşli ajaýyp gadymy türkmen, kawkaz, anatoliý, pars, ortaaziýa, hytaý, gündogar-türküstan, tibet halylary we beýlekiler hödürlener.Austria Auction Company «Fine Antique Oriental Rugs XXXII» atly halylaryň ýöriteleşdirilen bäsleşikli söwdasy 2023-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriler. Bu bäsleşikli söwdada giň görnüşli ajaýyp gadymy türkmen, kawkaz, anatoliý, pars, ortaaziýa, hytaý, gündogar-türküstan, tibet halylary we beýlekiler hödürlener.
Çeşme: jozan.net

Austria Auction Company «Fine Antique Oriental Rugs XXXII» atly halylaryň ýöriteleşdirilen bäsleşikli söwdasy 2023-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriler. Bu bäsleşikli söwdada giň görnüşli ajaýyp gadymy türkmen, kawkaz, anatoliý, pars, ortaaziýa, hytaý, gündogar-türküstan, tibet halylary we beýlekiler hödürlener.

Lotlaryň 200-siniň içinde esasysy we iň gymmady – 19-njy asyryň birinji ýarymyna degişli, 320x180 sm. ölçegli türkmen halysy boldy. Ol bilermenler tarapyndan takmynan 40-60 müň ýewro töwereginde bahalandyryldy. Deňeşdirmek üçin bellenilip geçilse, bahasy boýunça oňa ýakyn bolan 17-nji asyra degişli türk halysy 30-40 müň ýewro deňdir.

1.jpg

Bäsleşikli söwdanyň öňýanynda, Wenadaky Palais Breunerde çarşenbe güni 15-nji martdan anna güni, 17-nji mart aralygynda 11:00-dan 17:00-a çenli we bäsleşikli söwdanyň geçýän gününde, şenbe güni 18-nji martda 11:00-dan 16:00-a çenli deslapky gözden geçiriiş bolar.

Türkmen halylary Wenanyň «Fine Antique Oriental Rugs» hem-de halylar boýunça beýleki bäsleşikli söwdalarda köplenç esasy lotlaryň birine öwrülýär. Ine, onuň nobatdaky neşiri bilen bir günde, 18-nji martda Rippon Boswell öýünden (Wisbaden) Germaniýanyň onlaýn-bäsleşikli söwdasy hem bolar. Şonda 222 sany gadymy halylaryň hatarynda bahasy 2500 ýewro bolan 19-njy asyryň ortalaryna degişli türkmen ensi halysy çykarylar.

2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Caviar Geýger hasaplaýjysy bilen iPhone 17 Pro modelini hödürledi

Caviar Geýger hasaplaýjysy bilen iPhone 17 Pro modelini hödürledi

17:22 Awgust 30, 2026
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026