HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 25, 2023 | 22:10 |8172
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Çeşme: Watan

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Hormatly Arkadagymyz ir bilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guralmagy meýilleşdirilýän şekil taslamalarynyň görkezilýän ýerine geldi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň şekil taslamalarynyň tanyşdyrylyşyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi hem-de käbir pudaklaýyn düzümleriň, Arkadag şäherine täze bellenen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de binalaryň özboluşly aýratynlyklary, gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin hasabat berdi.

Görkezilen şekil taslamalarynda Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň, awtomenziliň we awtotoplumyň desgalarynyň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary, demir ýol menziline barýan ýollaryň ýerleşiş çyzgylary ýerleşdirilen. Şolardan görnüşi ýaly, binalaryň we desgalaryň sanawynda awtomenziliň we demir ýol menziliniň binalaryndan başga-da, ýeňil awtoulaglaryň bassyrmasy, edara binasy, elektrobuslar üçin bassyrma, seýsmiki hyzmat ediş binasy, awtoussahana, elektrozarýad beriji beket gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän pyýadalar üçin niýetlenen geçelge, demir ýol menziliniň ýanynda awtoduralga, bassyrma, beton perron bina etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde geçiriljek açylyş dabarasynyň münberiniň şekil taslamasy we onuň ýerleşiş çyzgysy görkezildi. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 100 hem-de 150 orunlyk çagalar bagynyň taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Mundan başgada hormatly Arkadagymyz Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belläp, Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegi, şunda ýollaryň ulanyş düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, täze şäheriň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026