HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň Anipra Impex kompaniýasyTürkmenbaşynyň deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy

Fewral 25, 2023 | 11:30 |7093
Anna güni «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Hindistan Respublikasynyň Anipra Impex LTD kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.Anna güni «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Hindistan Respublikasynyň Anipra Impex LTD kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Anna güni «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Hindistan Respublikasynyň Anipra Impex LTD kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunuň infrastrukturasyny, terminallaryny we üstaşyr mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşugyň barşynda deňiz portunyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerine degilip geçildi.

Kompaniýanyň wekili Anipra Impex kompaniýasynyňdünýäniň we sebitiň dürli künjeklerinde geçirýän işleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda üstaşyr ýük taslamalarynyň ýerine ýetirilmek mümkinçiliklerini belledi.

Üstaşyr arkaly Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ugradylyp bilinjek, Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan Özbegistana ugradylyp bilinjek mümkin bolan ýükler barada maglumat berildi.

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty üçin ýük taslamalary boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny bermek mümkinçiligini belläp geçmek bilen, kompaniýanyň wekili taraplaryň arasynda degişli şertnama baglaşylan halatynda goşmaça üstaşyr daşamalary ýerine ýetirip başlanyp bilinjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ulag we logistika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026