Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy


Şu gün ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw okruglarynda syýasy partiýalaryň komitetleriniň we raýatlar toparlarynyň dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleri geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar dalaşgärleriň zähmet ýoly hem-de olaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ösüşiniň geljekki ugurlary boýunça garaýyşlary bilen tanyşdylar we olaryň işewürlik hem-de şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşyp olaryň dalaşgärligini goldadylar.
28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak işi tamamlanandan soň, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat işlerini, saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirmek, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler dörediler.
Şunuň bilen birlikde, saýlawçylara hödürlenen dalaşgärler barada erkin we hemmetaraplaýyn pikir alyşmak hukugy berilýär. Bu bolsa saýlawçylaryň her bir dalaşgäriň işewür we şahsy häsiýetleri bilen tanyşmagyna mümkinçilik döreder.
Saýlawçylar bilen duşuşyklaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri baradaky maglumat ýerli metbugat serişdelerinde çap ediler. Duşuşyklaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen doly tanşarlar.
26-njy martda geçiriljek saýlawlar halkymyzyň ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli demokratik özgertmelere ygrarlydygyny görkezmäge gönükdirilendir.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleriň geçirilişine milli synçylar we dürli halkara düzümleriň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçilik ederler.
Häzirki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan synçylaryň üç müňe golaýy bellige alyndy. Olara tassyklanan nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.
Ýerli synçylar üçin milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler, olaryň wezipe borçlary hem-de saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşdyrýan okuw sapaklary geçirildi. Şunuň ýaly okuw sapaklary etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin hem guraldy.
Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.








