Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de bu dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagy--Şeýh Isa bin Salman Al-Halifa adyndaky birinji derejeli ordeniň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine laýyklykda, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çäresi tamamlanyp barýar. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Merkezi Saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, häkimlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlary guraldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şol Karara laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýörite Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Mart aýynyň dowamynda ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerini, 2023-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, aýdym-sazly dabaralary we sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 1-8-nji marty aralygynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri we dabaralary geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalaryny çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hereketleriniň Meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








