HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: daşary ýurda sement eksport edildi, içerki bazarda bolsa polipropilen ýerlenildi

Fewral 24, 2023 | 14:41 |6256
Penşenbe güni, 23-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $360 müň amerikan dollaryna barabar bolan we 2,5 mln türkmen manadyna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.Penşenbe güni, 23-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $360 müň amerikan dollaryna barabar bolan we 2,5 mln türkmen manadyna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Penşenbe güni, 23-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $360 müň amerikan dollaryna barabar bolan we 2,5 mln türkmen manadyna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili söwdalaşyklarda PS 400-G20-K kysymly portlandsementiň 10 müň tonnasyny $360 müň amerikan dollaryna satyn aldy. Önümiň her tonnasyna $36 amerikan dollary baha berildi.

Ýerli telekeçi TPP D382BF kysymly polipropileniň 100 tonnasyny 2,5 mln türkmen manadyna satyn almak barada geleşik baglaşdy (her tonnasynyň bahasy – 25 müň türkmen manady).

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026