Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

ABŞ Mastercardyň öňki baştutanyny Bütindünýä Bankynyň prezidenti wezipesine hödürleýär

Fewral 24, 2023 | 15:48 |5271
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Mastercardyň öňki baş direktory Adžaý Banguny Bütindünýä bankynyň baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi, ol asly hindistanly bolan Bangunyň hususy pudakdaky we ösýän bazarlar bilen tejribesiniň bu guramanyň düýpli täzelenmegini tizleşdirjekdigine bil baglady.ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Mastercardyň öňki baş direktory Adžaý Banguny Bütindünýä bankynyň baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi, ol asly hindistanly bolan Bangunyň hususy pudakdaky we ösýän bazarlar bilen tejribesiniň bu guramanyň düýpli täzelenmegini tizleşdirjekdigine bil baglady.
Çeşme: japantoday.com

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Mastercardyň öňki baş direktory Adžaý Banguny Bütindünýä bankynyň baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi, ol asly hindistanly bolan Bangunyň hususy pudakdaky we ösýän bazarlar bilen tejribesiniň bu guramanyň düýpli täzelenmegini tizleşdirjekdigine bil baglady.

«Adžaýyň şu pursatda Bütindünýä bankyna ýolbaşçylyk etmek üçin ajaýyp ukyplary bar. Ol halkara kompaniýalaryny üstünlikli döretmek we dolandyrmak işlerine üç onýyllykdan gowrak wagtyny sarp etdi, häzir onuň esaslandyran kompaniýalary täze iş orunlaryny döredýär we ösýän ykdysadyýelere maýa goýumlaryny goýýar» – diýip, Baýden beýan etdi, Banga wajyp meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegini çözmek üçin döwlete degişli we hususy serişdeleri işe çekmek tejribesine eýedir – diýip, goşdy.

Adžaý Banga Mastercardyň baş direktory wezipesini on ýyl işländen soňra 2021-nji ýylda terk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda kompaniýa bazar kapitallaşdyrmasynyň bahasynyň 13 esse artmagyny gazandy.

Bütindünýä bankynyň häzirki prezidenti Dewid Malpass özünuň ygtyýarlyklarynyň gutarmagyndan bir ýyl öň ýakyn aýlarda wezipesinden gitmek baradaky kararyny beýan etdi. Ol ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp tarapyndan bellenipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026