HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşyl ösüşiň bütindünýä instituty Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy teklip etdi

Fewral 24, 2023 | 12:04 |4067
Ýaşyl ösüşiň bütindünýä instituty türkmen DIM-ne «Kabul edýän tarap baradaky ylalaşygy» gözden geçirmegi we oňa gol çekmegi we Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy teklip etdi – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.Ýaşyl ösüşiň bütindünýä instituty türkmen DIM-ne «Kabul edýän tarap baradaky ylalaşygy» gözden geçirmegi we oňa gol çekmegi we Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy teklip etdi – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Ýaşyl ösüşiň bütindünýä instituty türkmen DIM-ne «Kabul edýän tarap baradaky ylalaşygy» gözden geçirmegi we oňa gol çekmegi we Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy teklip etdi – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu barada institutyň direktory Frenk Riýsbermanyň Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Raşid Meredow bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça belli boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri türkmen tarapynyň metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça maksatnamany ýerine ýetirmegini dowam etdirjekdigini beýan etdi, şunuň ýaly işiň nebit-gaz pudagynda nebitiň ýany bilen çykýan gazy ýok etmek arkaly we tebigy gazyň ýitgilerini azaltmak arkaly ýerine ýetirilýändigini goşdy.

Şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabadyň eýeleýän orny bellenip geçildi, DIM-de nygtaýyşlary ýaly, ol Türkmenistanda döredilen tokaý zolaklaryny öwrenmek boýunça bilelikdäki taslamalary işläp düzmeklige, täze usullaryň we ýaşyl tehnologiýalaryň ulanylmagyna daýanmalydyr.

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky maksatlarynyň çäklerinde Pariž ylalaşyklaryna ygrarlydygy nygtaldy.

Ýaşyl ösüşiň bütindünýä instituty ýaşyl çözgütlere esaslanyp, ykdysady ösüşi berjaý edýän ösüp barýan ýurtlara goldaw berýär. Institutyň esasy maksady – eýeçiligiň görnüşine garamazdan bütin adamzadyň geljegi üçin dünýäde ykdysady ösüşiň we ekologiki durnuklylygyň integrasiýasyny höweslendirmekdir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026