HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gutlag haty

Fewral 23, 2023 | 21:47 |4930
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene – Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene – Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Çeşme: Watan

Onuň Alyhezreti, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene – Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Türkmenistan Merkezi Aziýada Belarusyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Gadymy taryhy kökler, ýurtlarymyzyň halklarynyň wagtyň synagyndan geçen hakyky dostlugy hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygy döwletara gatnaşyklarynyň berk binýadyny emele getirýär.

Belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giň gerimli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdiriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikler baradaky arzuwlarymy, şeýle hem Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Natalýa Koçanowa,
Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026