HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Hytaýyň bir şäheri daşary ýurtlar bilen ýuanda özara hasaplaşyklar ulgamyna badalga berdi

Fewral 23, 2023 | 16:45 |12168
Hytaýyň Iu şäheri daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ýuanda özara hasaplaşyklar üçin Yiwu Pay hususy bütindünýä töleg platformasyny açdy – diýip,  China daily habar berýär.Hytaýyň Iu şäheri daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ýuanda özara hasaplaşyklar üçin Yiwu Pay hususy bütindünýä töleg platformasyny açdy – diýip,  China daily habar berýär.
Çeşme: yiwuzhejiang.chinadaily.com.cn

Hytaýyň Iu şäheri daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ýuanda özara hasaplaşyklar üçin Yiwu Pay hususy bütindünýä töleg platformasyny açdy – diýip, China daily habar berýär.

Zhejiang China Commodities City Group Co kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ulgam şäheriň 900-dan gowrak kärhanasy üçin daşary ýurtlar bilen tölegleri ýönekeýleşdirer. Ol şeýle hem 1,2 mln-a golaý hytaý hususy, kiçi we orta kärhanalary sanly tölegleriň üsti bilen dünýä bazaryna baglap, olaryň üpjün etmeleriň bütindünýä zynjyryna goşulmagyna ýardam eder.

Töwekgelçiliklere gözegçilik etmegiň öňdebaryjy ulgamyna eýe bolmak bilen, Yiwu Pay kompaniýasy amallaryň her bir bölegini hakyky wagt düzgüninde yzarlap bilýär, şeýlelikde bazaryň operatorlary üçin serişdeleriň howpsuzlygyny üpjün edýär we kärhanalara senagatyň bütindünýä gurluşyndaky üýtgemelere uýgunlaşmaga kömek edýär.

Yiwu Pay-iň kömegi bilen müşderiniň pullary tiz hasaba geçýär we olary ýuanda nagt edip almak bolýar. Ulgam Apple Pay, Alipay we UNION Pay ýaly töleg goşundylaryny we usullaryny kabul edýär.

2021-nji ýylyň dekabrynda Zhejiang Yite Network Technology Co kompaniýasy Saud Arabystanyndan bolan müşderiden Yiwu Pay-iň üsti bilen ýuanda daşary ýurt tölegini aldy. Bu ulgamy ulanmak arkaly ýuanda edilen ilkinji daşary ýurt amalydyr (tranzaksiýa). Ol Hytaý bilen arap ýurtlarynyň arasynda söwdanyň ösmeginde uly orun eýeledi we ýuanyň halkara giňişligine çykmagyna höwes döretdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026