HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Al Jazeera bilen media hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine garaýar

Fewral 23, 2023 | 16:31 |6527
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi (HMM) Al Jazeera öňdebaryjy arap teleýaýlymy bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaýar.Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi (HMM) Al Jazeera öňdebaryjy arap teleýaýlymy bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaýar.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy tarapyndan berildi

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi (HMM) Al Jazeera öňdebaryjy arap teleýaýlymy bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaýar.

Maglumatlary we materiallary alyşmak derejesindäki hyzmatdaşlygyň geljegine Türkmenistanyň HMM-niň wekilleriniň Al Jazeera Aljazeera Media Network -ň halkara kommunikasiýalar boýunça menejeri Ihtişam Nibatullah bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda garaldy.

Hususanda, gürrüň giň Ýakyn Gündogar auditoriýasy bolan Katar telekanalynyň ýaýlymynda Tükmenistan barada dürli gepleşikleriň, dokumental filmleriň we wideoşekilleriň, ýurtda bolup geçýän möhüm wakalar barada habarlaryň we ş.m. taýýarlanylmagy we goýberilmegi barada boldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Al Jazeeranyň wekiline HMM-niň wezipeleri barada, esasy ugurlarynyň biriniň daşary ýurt kärdeşleri bilen işewür we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak, milli bähbitleriň dünýä maglumatlar bazaryna çykarylmagy, günüň halkara mediagörnüşlerini döretmekde KHBS-i bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin şertleriň döredilmegi barada habar berdi.

Al Jazeera Media Network - ştab-kwartirasy Dohada ýerleşýän Kataryň halkara döwlete degişli bolan media-konglomeratydyr. Bu araplaryň Al Jazeera täzelikler ýaýlymynyň we başga-da birnäçe gurluşlaryň baş kompaniýasydyr. Onuň bütin dünýä boýunça 70 býurosy bardyr we ol 150-den gowrak ýurtda elýeterlidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026