HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Natalýa German Aşgabatda öz işini tamamlaýar

Fewral 22, 2023 | 21:53 |5890
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi.Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Watan

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy-jemgyýetçilik gurmalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda ýurdumyzda 2007-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň hereket edýändigi bellenildi.

Zenanlaryň Dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldaw bermeginde döredilen Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle düzümleriň ilkinjisidir.

Zenanlaryň forumyny Aşgabatda geçirmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň Dialogy boldy.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň zenanlaryň Dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, bu Dialogyň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi, Çeper elli zenanlaryň halkara jemgyýeti döredildi, şeýle hem gender deňliginiň üpjün edilmegine, zenanlaryň telekeçilik işiniň ösdürilmegine gönükdirilen dürli derejedäki çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyny görkezmek bolar.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işine, onuň abraýynyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw beriljekdigi nygtaldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026