HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maryda “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi

Fewral 20, 2023 | 20:13 |11028
Senem Berdiýewa dutarda halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly, "Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy dünýä ýaýbaňlandyrýandygy üçin” ýörite baýraga mynasyp boldy.Senem Berdiýewa dutarda halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly, "Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy dünýä ýaýbaňlandyrýandygy üçin” ýörite baýraga mynasyp boldy.
Çeşme: awtor

Dünýä gözellikleriniň ajaýyp nusgasy bolan türkmen zenany gadymy döwürlerden bäri maşgala ojagyna wepaly, gaýratly we edenli hasaplanypdyr. Zenanlar döwletiň, jemgyýetiň we maşgalanyň ösüşinde möhüm rol oýnaýarlar.

Fransuz ýazyjysy Simona de Bowuar: "Aýal bolup dogulýan ýok, diňe wagtyň geçmegi bilen aýal bollmak mümkin" – diýipdir. Belli bir durmuş tapgyryndan geçen we hünär ýolunda üstünlik gazanan zenanlary kesgitlemek üçin, Maryda "Türkmeniň ak öýüne" ýygnandylar.

1676890896249.JPEG

Zenanlar bileleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan gurnalan bu bäsleşigiň maksady sebitiň ykdysady ösüşine, milli medeni we ruhy mirasymyzy gorap saklamak işine, çaga terbiýesine möhüm goşant goşan zenanlary kesgitlemekden we olaryň alyp barýan işleri bilen jemgyýeti tanyşdyrmakdan ybarat.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda lukmanlar, mugallymlar, kärendeçiler, telekeçiler, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we medeniýet işgärleri, ýerli hökümet wekilleri, harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bar. Emin agzalaryna çözgüt çykarmak aňsat bolmady.

Şeýlelikde, Maýsa Anzarowa "Telekeçilikde gazanan üstünligi we bazar ykdysadyýetini ösdürmäge goşan goşandy" üçin degişli nominasiýada ýeňiji boldy. Maksada okgunly zenan öz ukyp-başarnygyny hususy pudagyň işewürlik taslamalarynda üstünlikli ulanýar.

"Obanyň ösüşine goşan goşandy üçin” Şemşat Rahmanowa degişli baýraga mynasyp boldy. Ene-atasyndan miras galan ekerançylyk tejribesi oňa hasyl ýetişdirmekde ýyl ýokary netijeleri gazanmagyny üpjün edýär.

1676890896344.JPEG

"Guramaçylyk ussatlygy üçin" nominasiýadaky baýraga lukman zenan Amandursun Orazmuhamedowa, “Milli senetçilik sungatyny gorap saklamaga we ösdürmäge” goşan bimöçber goşandy üçin bu baýraga milli keşdeler bilen bezelen türkmen köýneklerini döretmäge ýöriteleşen Enejan Altyýewa mynasyp boldular.

Senem Berdiýewa dutarda halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly, "Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy dünýä ýaýbaňlandyrýandygy üçin” ýörite baýraga mynasyp boldy.

Mugallym Gulyalek Nuryýewa "Çagalary terbiýelemekde gazanan üstünlikleri üçin" nominasiýada ýeňiji boldy, mugallym üçin diňe bir bilimli bolmagy ýeterlik bolman, eýsem okuwçylar bilen işlemekde psihologiki başarnyklar hem diýseň zerur şert bolup durýar.

1676890896477.JPEG

Marydaky harby bölümiň harby gullukçysy Maýagözel Arnajumaýewa “ýurduň goragyny we jemgyýetde kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek” ugrunda alyp baran işleri üçin degişli baýraga mynasyp boldy.

Ýeşijileriň hemmesi jemgyýetçilik taýdan işjeň, hünär taýdan kämil we milli däp-dessurlara ygrarly häzirkizaman türkmen zenanynyň keşbini düzýär.

Artur PETROSÝANTS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026