Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili özara hyzmatdaşlygyň netijeleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.








