HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady

Fewral 21, 2023 | 22:22 |2105
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Iki ýarym sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Muharrak şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al-Halifa hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Haly ýodasynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni «Four Seasons» myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugrady.

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad Bin Isa Al-Halifa bilen duşuşygy bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny hem-de gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Iki ýurduň hem ykdysadyýeti üçin strategik häsiýetli bolan ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026