Ýaponiýa Merkezi Aziýa bilen işewür gatnaşyklaryň giňelmeginiň tarapdary


Sişenbe güni Tokioda "Merkezi Aziýa-Ýaponiýa" işewürlik gepleşikleri geçirildi. Ol Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ROTOBO ýapon söwda birleşigi tarapyndan gurnaldy.
Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky ilçileri, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döredilen ykdysady komitetleriň ýolbaşçylary, ady agzalan edaralaryň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi Atadurdy Baýramow çykyş edip, ýygnananlary iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda telekeçilik bilen meşgullanmagy üçin amatly şertler barada habar berdi. Ilçi, şeýle hem, duşuşyga gatnaşýan kompaniýalary Türkmenistanda dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.
ORIENT news








