Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek hem-de gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.
Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuna ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, hususan-da derýalaryň we suwaryş akabalarynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak, olaryň hanalaryny göneltmek, çuňlaşdyrmak hem-de kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








