HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdebe ýazylyşyk dowam edýär

Fewral 21, 2023 | 14:41 |6871
BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdebe ýazylyşygy yglan edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagram-hasabynda habar berilýär.BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdebe ýazylyşygy yglan edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagram-hasabynda habar berilýär.
Çeşme: freepik.com

BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin bölümi maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdebe ýazylyşygy yglan edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagram-hasabynda habar berilýär.

Mekdebe 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli maýyplygyň dürli görnüşi bolan, Aşgabat şäherinde ýa-da Ahal welaýatynyň çäginde ýaşaýan ýaşlar kabul edilýär. Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli ýörite onlaýn-formany doldurmak arkaly kabul edilýär.

Mekdebiň çäklerindäki okuw 2023-nji ýylyň martyndan sentýabryna çenli Aşgabatda BMG-niň binasynda geçiriler.

Saýlap almadan geçen dalaşgärler üçin adam hukuklary, deňlige we kemsitmezlige halkara çemeleşmeler boýunça okuwlaryň tapgyry göz öňünde tutulýar, onuň dowamynda olar bilimleriň uly goruna eýe bolarlar we tejribe başarnyklaryny edinerler.

Goşmaça maglumatlary bilmek üçin elektron salgy: yelena.butova@un.org.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026