Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenildi


Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenildi
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.
Şeýle hem maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdiler.
Hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullygyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşurmak dabarasy boldy.
Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite sergi guraldy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp baýramçylyk konserti geçirildi.
Şu gün ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalary bilen netijeli gepleşikleriň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” atly tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.








