HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 18, 2023 | 22:13 |10173
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça  Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça  Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Çeşme: Watan

Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sebitiň täze merkezini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşlyk çäresine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanylan taslamalar, olaryň aýratynlyklary hem-de binalaryň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerleriniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berdi.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, saglyk seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň awtomenzili bina ediler.

Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýandygyny nazara alyp, tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde şäherde ilata edilýän söwda we beýleki hyzmatlaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Şunda gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, söwda medeniýetinde, hyzmatlar ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy baş talap bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we bilim almagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň Baş baýdak meýdançasyna geldi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň açylyş dabarasy geçiriler.

Hormatly Arkadagymyz şäheriň esasy şaýolunyň üstünden geçýän köprüň üstünde durup, bu künjegiň gözelliklerini, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbiniň ajaýyp ýaýlalaryň tebigy aýratynlygy bilen sazlaşygyny synlady.

Şunda bagy-bossanlygyň döredilmegine gök zolaklar bilen ugurdaş düzümleriň sazlaşygyna we bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna zerur ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde şäheriň agşamky görnüşlerinde göwnüňi göteriji gözellik döredilmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna uly jogapkärçilik we belent ruh bilen girişmegiň wajypdygyny belläp, şol bir wagtyň özünde gurluşygyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylmalydygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026