HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýerewanda ýaşy 50-den ýokary bolan “okuwçylar” üçin kompýuter sowatlylygy kurslary açyldy

Fewral 18, 2023 | 21:05 |5454
Ýerewanda ýaşy 50-den uly bolan adamlar üçin kompýuter sowatlylygy kurslary (muzdsuz)  başlandy. “Mir24” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, sosial taslamanyň esasy "gahrymanlary" – internet giňişligine uýgunlaşmagy we elektron hyzmatlardan peýdalanmagy öwrenmäge höwes bildirýän  uly ýaşly adamlardyr.Ýerewanda ýaşy 50-den uly bolan adamlar üçin kompýuter sowatlylygy kurslary (muzdsuz)  başlandy. “Mir24” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, sosial taslamanyň esasy "gahrymanlary" – internet giňişligine uýgunlaşmagy we elektron hyzmatlardan peýdalanmagy öwrenmäge höwes bildirýän  uly ýaşly adamlardyr.
Çeşme: partnerspb.com

Ýerewanda ýaşy 50-den uly bolan adamlar üçin kompýuter sowatlylygy kurslary (muzdsuz) başlandy. “Mir24” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, sosial taslamanyň esasy "gahrymanlary" – internet giňişligine uýgunlaşmagy we elektron hyzmatlardan peýdalanmagy öwrenmäge höwes bildirýän uly ýaşly adamlardyr.

Olar sapaklarda internetde film görmegi we elektron kitaplary okamagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullaryny we beýleki maglumatlary gözlemegi öwrenýärler. Mysal üçin, ozal hasaplar boýunça tölegleri amala aşyrmak üçin uzakly gün nobata duran bolsalar, indi bary-ýogy kursuň dört sapaynyň dowamynda olar tölegleri onlaýn geçirmegi öwrendiler. Gysgaça aýdylanda, olaryň durmuşyna täze öwüşgin çaýyldy.

Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, sapaklar ýaşy uly adamlaryň köpüsi üçin wirtual dünýäni “açdy” – olar indi sosial ulgamlarda hasaba durup we özbaşdak ulanyp bilerler, bank hasaplaryny açyp ýa-da kärende tölegi, okuw, kommunal hyzmatlar üçin tölegleri töläp bilerler.

Kurslar tölegsiz we iki aý dowam edýär. Olary Ermenistan-hindi maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary merkezi alyp barýar. Taslama üstünlige eýe boldy, muňa sapaklara gatnaşmak isleýänleriň sanynyň köplügi-de şaýatlyk edýär. Munuň üçin olar hasaba alynmaly we nobata durmaly.

Merkez Ermenistanyň beýleki sebitlerinde-de kompýuter sowatlylygy kurslaryny açmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026