HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: 10 mln ABŞ-nyň dollary möçberindäki tehniki ýod eksport edildi

Fewral 18, 2023 | 12:30 |7962
Anna güni, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda tehniki ýody eksport etmek boýunça uly geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda tehniki ýody eksport etmek boýunça uly geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Anna güni, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda tehniki ýody eksport etmek boýunça uly geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den gelen işewür «A» kysymly tehniki ýoduň jemi 175 tonnasyny $10,9 mln amerikan dollaryna satyn aldy. Önümiň her tonnasyna $62,5 müň amerikan dollary baha berildi.

Nebit önümlerini, lukmançylyk serişdelerini we himiki reaktiwleri öndürmekde giňden ulanylýan önüm «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasy tarapyndan öndürildi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026
Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

19:19 Sentýabr 15, 2026