Russiýa Federasiýasyndan düzümi birnäçe lukman-alymlardan ybarat bolan wekiliýet Aşbagada geldi.


Russiýa Federasiýasyndan düzümi birnäçe lukman-alymlardan ybarat bolan wekiliýet Aşbagada geldi.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolan alym-lukman ýokary okuw mekdebinde talyplary okatmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy hem-de onuň bilen hünärmenleri taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanyň Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetine baryp, onuň işi bilen tanyşlygynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary bilen işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, häzire çenli ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijesinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda belent derejä ýetendigi barada durlup geçildi.
Nygtalyşy ýaly, gysga döwürde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda zerur şertler döredildi. Bu aýdylanlaryň hakyktdan-da şeýledigine alym-lukman zenan soňra Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň işi bilen tanyşmaga baranynda hem anyk göz ýetirdi. Bu ýerde myhmana işleri halkara derejesindäki talaplara laýyklykda alyp barmak üçin hemme mümkinçilikleriň bardygy barada gürrüň berildi. Russiýadan gelen lukman-alymlaryň Aşgabatda bolmagynyň dowamynda olaryň hersi aýratynlykda Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara merkezleriniň käbirlerinde boldular.
Müdiriýetiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine baryp gören russiýaly alym-lukman işleriň guralyşy, merkeziň ýokary halkara derejesinde lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilişi, näsaglara lukmançylyk amallarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem ol bu ýerde käbir hassalar bilen duşuşyp, olara birnäçe lukmançylyk maslahatlaryny berdi. Russiýaly alym-lukmanlaryň wekiliýetiniň agzalarynyň käbiri Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezine baryp gördüler. Myhmanlara Saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün edilen merkezde alnyp barylýan işler, hususan-da, näsaglaryň ýagdaýlaryna görä kesgitlenilen bejeriş usullary boýunça ýerine ýetirilýän lukmançylyk amallary barada, bejeriş usullaryny kesgitlemekde lukmanlaryň ugur alýan ýörelgeleri hakynda gürrüň berildi. Merkez bilen tanyşmaklarynyň barşynda russiýaly alym-lukmanlar birnäçe näsaglaryň ýanyna baryp, olaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmak bilen, olara käbir maslahatlaryny berdiler.
Russiýa Federasiýasyndan Aşgabada gelen lukman-alymlardan ybarat bolan wekiliýetiň agzalary öz hünär aýratynlyklaryna laýyklykda, Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde talyplar hem-de lukmanlar üçin degişli ugurlar boýunça okuw sapagyny berdiler. Russiýa Federasiýasyndan lukman-alymlaryň Aşgabada şunyň ýaly iş saparlarynyň guralmagy iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge hem-de zerur hasaplanýan ugurlar boýunça özara tejribe we pikir alyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Bu işleriň geljekde dowam etdirilmegi saglygy goraýyş we lukmançylyk taýdan bejeriş ilerini alyp barmakda baý tejribe toplamaga, ilatyň saglygyny goramaga uly ýardam berer.








