HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda DÖM-nyň ikinji Meýletin milli synyna taýýarlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Fewral 17, 2023 | 16:10 |4617
Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça ikinji Meýletin milli syny taýýarlaýar. Resminamanyň taslamasy DÖM-sy boýunça Iş toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça ikinji Meýletin milli syny taýýarlaýar. Resminamanyň taslamasy DÖM-sy boýunça Iş toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Çeşme: instagram.com / @un_turkmenistan

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça ikinji Meýletin milli syny taýýarlaýar. Resminamanyň taslamasy DÖM-sy boýunça Iş toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.

Toparyň agzalary halkara bilermen Bakytgül Kambar bilen birlikde hasabatyň taýýarlanyş prosessi bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdylar, şol sanda ministrlikler we pudaklaýyn edaralar tarapyndan berlen maglumatlary we analitiki materiallary maslahatlaşdylar. Olar şeýle hem ýurtda DÖM-ny durmuşa geçirmekde mundan beýläkki ädimleri hem bellediler.

DÖM-sy boýunça Ikinji Meýletin milli syny Türkmenistan BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2023-nji ýylda boljak ýokary derejedäki Syýasy forumynda hödürlär.

Resminama gender meselelerini çözmekde we gender syýasatyny kämilleşdirmekdäki çäreleri, şeýle hem bu meseläniň milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň goşulmagynda öňe gidişligiň berilmegini göz öňünde tutýar.

Resminamanyň taýýarlanmagy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-nyň bilelikdäki «Durnukly ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin platforma» atly taslamasynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ýerine ýetirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026