HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Halkbank» edaralara we telekeçilere onlaýn-söwdany ýola goýmaga kömek edýär

Fewral 17, 2023 | 17:45 |7776
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky döwlete degişli we hususy kärhanalara onlaýn-söwdany guramak üçin platforma berýär.Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky döwlete degişli we hususy kärhanalara onlaýn-söwdany guramak üçin platforma berýär.
Çeşme: summalinguae.com

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky döwlete degişli we hususy kärhanalara onlaýn-söwdany guramak üçin platforma berýär.

Şu günki günde bankyň elektron-söwdasynyň platformasynyň esasynda Aşgabat şäher telefon ulagmynyň , Türkmenistanyň Döwlet ätiýaşlandyryş guramasynyň we beýleki edaralaryň internet saýtlary işleýär.

AşGTS web-sahypasynyň kömegi bilen müşderi öňünden bankomatda «SMS-habarnamany» baglap, islendik wagtda internet, öý telefony we IP-telewideniýe üçin töleg geçirip bilýär.

Ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň saýty fiziki we ýuridiki şahslar üçin meýletin we hökmany ätiýaçlandyrmanyň dürli görnüşlerini resmileşdirmäge, şeýle hem resmileşdirmäniň tölegini internet üsti bilen geçirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet düzümlerinden başga-da, bank hususy kärhanalara we beýleki edaralara-da hyzmat edýär. Olaryň arasynda – sanly elektronika enjamlaryny we hojalyk tehnikasyny satmak boýunça «Ak Yol Computers» kompaniýasynyň internet-dükanyny, «Bagtyýar» otelini we ş.m. görkezmek bolýar.

Oteliň saýtynda syýahatçylar otagy saýlap we ony sargyt edip bilýärler, soňra bolsa onlaýn-töleg geçirip bilýärler.

Ýokarda görkezilen saýtlaryň ählisinde töleg geçirmek üçin «Altyn Asyr» bank kartynyň rekwizitlerini girizmeli, ýagny belgisini, kartyň hereket edýän möhletini, kartyň eýesiniň familiýasyny we adyny, CVC kody. Eger-de CVC kod kartyň arka tarapynda görkezilmedik bolsa, ony özüňize hyzmat edýän banka ýüz tutup ýa-da islendik bankomatyň üsti bilen bilip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026