HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä bankynyň baştutany wagtyndan öň wezipesinden gidýär

Fewral 17, 2023 | 15:43 |6356
Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Malpass öz ygtyýarlyklarynyň möhletiniň gutarmagyna bir ýyldan az wagt galanda öz wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär. Özüniň gitmeginiň anyk sebaplerini ol aýtmady.Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Malpass öz ygtyýarlyklarynyň möhletiniň gutarmagyna bir ýyldan az wagt galanda öz wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär. Özüniň gitmeginiň anyk sebaplerini ol aýtmady.
Çeşme: independent.co.uk

Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Malpass öz ygtyýarlyklarynyň möhletiniň gutarmagyna bir ýyldan az wagt galanda öz wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär. Özüniň gitmeginiň anyk sebaplerini ol aýtmady.

«Uzak wagtlap pikir edenimden soňra, men başga meseleler bilen meşgullanmagy ýüregime düwdüm» – diýip, BB-nyň baştutany aýtdy.

Malpass 2019-njy ýylyň aprelinde prezident Donald Tramp tarapyndan Bütindünýä bankynyň toparynyň baştutany edilip bellenipdi. Ondan ozal ol ABŞ-nyň Maliýe ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary bolup işläpdi.

Bütindünýä bankynyň baştutany Halkara täzeleniş we ösüş bankynyň we Halkara ösüş birleşmesiniň direktorlar Geňeşiniň hem başlygydyr. Guramanyň prezidenti Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC) direktorlar geňeşiniň maslahatlarynda başlyklyk edýär, maýa goýum kepillendirmeleri boýunça Köptaraplaýyn agentligiň (MIGA) we maýa goýum jedellerini kadalaşdyrmak boýunça Halkara merkeziň (ICSID) Dolandyryş geňeşine başlyklyk edýär.

Bütindünýä bankynyň prezidentligine şol bankyň iri paýdary bolan ýurduň - ABŞ-nyň raýaty bolup bilýär. Prezident dolandyryjylar geňeşi tarapyndan bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar we onuň gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026