HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Aşgabadyň we Wenanyň gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň eýeleýän ornuna baha berdiler

Fewral 17, 2023 | 00:23 |7065
Penşenbe güni Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň medeni gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işine hem-de eýeleýän ornuna baha berdiler. Diplomatlar Jemgyýetiň gatnaşmagynda Aşgabatda we Wenada özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellediler. Türkmen paýtgatynda guralýan Wena baly bu ugurdaky gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly hökmünde görkezildi.Penşenbe güni Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň medeni gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işine hem-de eýeleýän ornuna baha berdiler. Diplomatlar Jemgyýetiň gatnaşmagynda Aşgabatda we Wenada özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellediler. Türkmen paýtgatynda guralýan Wena baly bu ugurdaky gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly hökmünde görkezildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Penşenbe güni Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary wideo arkaly geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň medeni gatnaşyklarynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işine hem-de eýeleýän ornuna baha berdiler. Diplomatlar Jemgyýetiň gatnaşmagynda Aşgabatda we Wenada özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellediler. Türkmen paýtgatynda guralýan Wena baly bu ugurdaky gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly hökmünde görkezildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministri Aleksander Şallenbergiň duşuşan wagtlary Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan işine üns bermekleri onuň howandarlygynda täze döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär.

Diňe bir döredijilik işlerinde-de däl. Jemgyýetiň gatnaşmagynda tanyşdyrmalar, tegelek stollar we Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar geçirilýär. Häzir Aşgabatda bäşinji Wena balyny, “Galkynyş” türkmen-awstriýa orkestriniň çykyşyny guramak, Awstriýanyň firmalary bilen olaryň türkmen kärdeşleriniň arasynda täze çereleri geçirmek gün tertibinde durýar. Iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklarynda gurluşyk we infrastruktura, energetika, “ýaşyl” tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty, maşyngurluşyk, ulag we logistika, obasenagat toplumy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Ahal welaýatynyň täze döwrebap dolandyryş merkeziniň hem-de Aşgabat-sitiniň gurluşygy ýaly has uly taslamalaryň hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy gürrüňsizdir. Bu sanawy ýene-de uzaltmak mümkin...

2023-nji ýylda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň döredilenine 15 ýyl dolýar. Ony döretmegiň gözbaşynda Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dur.

Neda BERGER,
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy, ORIENT-iň Awstriýanyň kansleriniň metbugat-gullugynda işleýän öz habarçysy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026