HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan –ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Fewral 16, 2023 | 22:09 |6745
Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi”  atly ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi”  atly ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.
Çeşme: Watan

Türkmenistan –ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda sanly ulgam arkaly geçirilen çärä ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, degişli ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek bilen bagly meseleler ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparyň 2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hem-de 23-nji aprelinde, şeýle hem 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝUNESKO-nyň Baş sekretary Odre Azule tarapyndan gol çekilen resminamalaryň elektron nusgalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory tarapyndan Ylalaşyklaryň asyl nusgalaryna gol çekildi.

ÝUNESKO-nyň klublarynyň işi talyplaryň gözýetimini giňeltmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň döredilmegi 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026