HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB tarapyndan türkmen işewürligi üçin internetde satuwa başlamak we satuwy giňeltmek boýunça okuw geçiriler

Fewral 17, 2023 | 11:36 |8642
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürligini Ýewropa Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurnaljak «Internetde satuwa başlamak we internetde satuwyň giňeldilmegi. Sanly marketing hereketde» atly tölegsiz 8-günlük okuwa gatnaşmaga çagyrýar.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürligini Ýewropa Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurnaljak «Internetde satuwa başlamak we internetde satuwyň giňeldilmegi. Sanly marketing hereketde» atly tölegsiz 8-günlük okuwa gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: unsplash.com

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürligini Ýewropa Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurnaljak «Internetde satuwa başlamak we internetde satuwyň giňeldilmegi. Sanly marketing hereketde» atly tölegsiz 8-günlük okuwa gatnaşmaga çagyrýar.

Okuw-seminaryna oňa gatnaşyjylara harytlaryň onlaýn satuwyna nähili başlamalydygyna we ony nähili ösdürmelidigine düşünmäge, şeýle hem internetde öz hususy işewürligiňi öňe sürmek üçin onlaýn-gurallary ulanmaklygy öwreder.

Okuwyň çäklerinde tejribeli tälimçiler işewürligiň wekillerini täze nazaryýetler, tejribe we tehnologiýalar bilen tanyşdyrarlar, olaryň özleşdirilmegi internetde satuwa üstünlikli başlamaga mümkinçilik berer. Okuwa gatnaşyjylar ýunit ykdysadyýet barada, Instagramdaky mahabat, Google ulgamyndaky gözleg mahabaty barada, CRM-ulgamlary barada, marketpleýslerde işlemegiň düzgünleri barada we başgada köp zatlary bilerler.

Okuwyň geçirilýän seneleri: 6-7-nji mart, 13-14-nji mart, 27-28-nji mart we 3-4-nji aprel.

Okuw gibrid formatynda geçiriler – 4 gün offlaýn Aşgabat şäherinde we 4 gün onlaýn Google Meet ulgamynda. Okuw Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-dan 14:00-a çenli geçiriler.

Okuwyň gatnaşyjylarynyň sany çäklidir, şol sebäpli oňa saýlap almak bäsleşik esasynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli onlaýn- ýüz tutmany doldurmaly.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026